MEKDEBIŇ TARYHY

1 Dekabr 2025 г.

      Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebi 1954-nji ýylyň iýul aýynyň 10-na,
hazirki Türkmenbaşy şäherinde açylýar we Krasnawodsk medisina uçilişesi
diýip atlandyrylýar. Şu wagta çenli lukmançylyk mekdebiniň atlandyrylyşy:
1964-1971-nji ýyllarda Krasnawodsk respublikan medisina uçilişesi;
1971-1988-nji ýyllarda Krasnawodsk oblastynyň medisina uçilişesi;
1988-1992-nji ýyllarda Krasnawodsk merkezi baza medisina uçilişesi;
1992-2007-nji ýyllarda Balkan medisina uçilişesi;
2007-2010-njy ýyllarda Türkmenbaşy lukmançylyk orta okuw mekdebi;
2010-njy ýyldan Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebi.
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebi, Türkmenistanyň Hormatly
Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylyň 1-nji iýulyndaky N
PB-4973 belgili buýrugy bilen Balkanabat şäheriniň 147-nji jaý toplumynyň 3-
nji jaýyna göçürilip getirilýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman
senagaty ministrliginiň 2010-njy ýylyň 30-njy awgustyndaky N 319 belgili
buýrugy bilen bolsa, mekdebiň ady üýtgedilip, Balkan lukmançylyk orta okuw
mekdebi diýip atlandyryldy.

 

MEKDEBIŇ ESASY WEZIPESI

Ýurdumyzda milli Liderimiziň döredijilikli başlangyçlary esasynda, «Saglyk»
dowlet maksatnamasyny durmuşa ornaşdyrmagyň çäklerinde ýurdumyzyň
saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesine ýetirmegiň zerur şerti hökmünde,
saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmeklige aýratyn
orun berilýär.
Şunuň bilen baglylykda Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebimizde hem
okuw derslerini okatmaklygyň hilini ýokarlandyrmak boýunça uly işler alnyp
barylýar. Okuw işine täze tehnologiýalary girizmek, sanly bilim ulgamyna
geçmeklik, okatmaklygyň täze usullaryny oýlap tapmak, okuw kitaplaryny
döwrebaplaşdyrmak ýaly bilimiň hilini kämilleşdirmeklige gönükdirilen uly
möçberli işler amala aşyrylýar.
Saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekjek işine ussat feldşerleri, sanitar
feldşerleri, şepagat uýalaryny, maşgala şepagat uýalaryny, farmasewtleri, diş
ussalaryny, göbek enelerini, Bejeriş-öňüni alyş edaralaryň laborantlaryny
ýetişdirmek lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň esasy wezipesi bolup durýar.
Şol sebäpli geljekki hünärmenleri taýýarlamakda okuw maksatnamasynda göz
öňünde tutulan dersleriň talyplar tarapyndan çuňňur özleşdirilmegi zerurdyr.
Okuw dersleriniň ýokary derejede özleşdirilmeginde Hormatly Prezidentimiziň
«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopediki eseri
aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Häzirki wagtda bu ylmy eseriň on iki jildi
çap edildi we bularda jemi 1620-den gowrak dermanlyk ösümlikleri barada anyk
maglumatlar berilýär. Bu nusgawy kitap ähli lukmançylyk hem-de dermançylyk
ulgamynyň hünärmenleriniň, geljekde saglyk ulgamynda zähmet çekjek
talyplaryň ýan kitabyna öwrüldi.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň
dermanlyk ösümlikleri” atly gymmatly ylmy-ensiklopediki eseri
Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümlikleriň botaniki häsiýetnamalary, himiki
düzümi, ýaýrawy, ätiýaçlyk gorlary, olaryň ýygnalyşy, guradylyşy, olardan
dermanlaryň taýýarlanşy we halk lukmançylygynda we ylmy lukmançylykda
ulanylyşy barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýär.