Ýaşlar guramasy


Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Babaýewa Aknur Kürenowna 
Tel:(99362353420) 
E-mail: balkanloom@gmail.com 

          Balkan  lukmançylyk orta okuw mekdebiniň Ilkinji ýaşlar guramasy orta lukmançylyk mekdebinde döwlet ýaşlar syýasatynyň gollanmasy bolup Türkmenistanyň Magtumguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyñ düzgünnamalaryna we maksatnamasyna laýyklykda öz işini alyp barýar. 

Guramanyň esasy maksatlary:

  • ýaşlaryň jemgyýetiň we döwletiň işlerine işjeň gatnaşmagyny gazanmak;
  • sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmekde beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen özara gatnaşyk; 
  • seminarlaryň, ýygnaklaryň, ylmy we amaly konferensiýalaryň, ýaryşlaryň, görnükli  jemgyýetçilik  işgärleri, ylym, medeniýet we sport işgärleri bilen duşuşyklary geçirmek;
  • Okuw ýylynyň başynda ýaşlaryň Watana, Halka we Türkmenistanyň Prezidentine bolan söýgüni we wepalylygy terbiýelemek maksady bilen baglanyşykly çäreleri guramak we geçirmek üçin iş meýilnamasy düzülýär. Guramanyň esasy işiniň iň möhüm ugurlaryndan biri ýaşlaryň raýat we watançylyk terbiýesidir, şonuň üçin "Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyñ Watany", "Bereketli Türkmen Saçagy", "Sagdyn  bedende-sagdyn  ruh", "Iň ökde  şepagat  uýasy", "Ýylyň talyby "  ýaly çäreleri her ýyl geçirilýär, "Aýyň  talyby", "Iň oňat okuw topary " ýaly  çäreleri  her aýda  geçirilýär.

Paýlaş

Ýaşlar guramasy

Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Babaý [...]

Salgymyz:

Balkan welaýat, Balkanabat şäheri, 147-nji çärýek, 3 jaýy.
Balkan velayat, Balkanabat city, 147 block, 3 building.
Балканский велаят, город Балканабат, 147 квартал, 3 дом.

Telefon belgiler:
(222) 6-45-34; 6-45-43