Umumy ýaşaýyş jaýy
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň umumy ýaşaýyş jaýy tomusky dynç alyş mowsüminde abatlanyldy we talyplary otag bilen upjün etmäge doly taýýarlyk görüldi. Arassaçylyk gullugy edara tarapyndan zyýansayzlandyryş işi geçirildi. Häzirki döwürde talyplaryň 109 sanysy umumy ýaşaýyş jaýyna kabul edildi. Umumy ýaşaýyş jaýymyzda talyplar üçin ähli şertler döredilen. Mugallymlar her gün umumy ýaşaýyş jaýynda yzygiderli nobatçylyk çekýärler we nobatçylyk çekýän döwürlerinde talyplar bilen söhbetdeşlik edip, olaryň ýaşaýyş-durmuşlary, otaglaryna, aşhanalaryna, hammamlaryna, hajathanalaryna aýlanyp arassaçylygy barlaýarlar. Içinde berk düzgün-nyzamlary bolup umumy ýaşaýyş jaýyna, her gata, arassaçylyk işlerine jogap berýän talyplar topary döredilen. Talyplara agzybir bolmaklary üçin yzgiderli wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň “Paýhas çeşmesi” atly kitabyndaky nakyllara eýerip durmuşy ýollara salgy berýarler. Umumy ýaşaýyş jaýynda her gün gündizki we gijeki nobatçylyklar hem guralan. Talyplar okuwdan boş wagtlary kitap okamak, Watanymyzda bolýan täzelikleri bilmek uçin yörite şert döredilen. Her gün talyplarymyz agşam sagat 900 – daky “Watan” habarlaryny yzygiderli görýärler. Ýurdumyzda alynyp barylýan işleri, ylaýta-da talyp – ýaşlar üçin ähli edilýän işleri görüp-eşdip, olaryň ýaşamaga, okamaga höwesleri has-da artdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň talyp-ýaşlarymyz üçin edýän atalyk aladalaryna jogap edip, talyplarymyz ýurdumyza, Watanymyza, Hormatly Prezidentimize wepaly ýaşlar bolup, saýlap alan hünärleriniň eýesi bolup, halal zähmet çekjekdiklerine ynandyrýarlar.