Ýaş alymlar geňeşi
Ylymyň bilimiň ýurdymyzyň gelejegi bolan ýaş nesliň döredijilikli başlangyçlaryny, ukyp başarnyklaryny, oýlap tapyşlaryny ýüze çykarmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň ýaşlar barada alyp barýan döwlet syýasaty Türkmenistan döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösüşiniň binýadydyr. Şol nukdaý-nazardan 2018-nji ýylyň ýanwar aýynyň 5-ne Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebimizde Ýaş alymlaryň geňeşi döredildi. Ol türkmen ylmynyň ýaş nesli bolan mugallymlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň arasynda ylmy-barlag işlerini netijeli alyp barmak hem-de zehinli ýaşlary bu işe çekmek boýunça uly göwrümli işleri amala aşyrýar. Aýratyn zehinli ýaşlary mekdebimiziň mugallymlarynyň alyp barýan ylmy-barlag işlerine çekmek halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ýola goýmak ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlarynda ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen teklipleri taýýarlamak geňeşiň öňünde goýan esasy wezipeleri bolup durýar. Şeýle hem ýaş nesliň ylym-bilim ummanyna aralaşmaga bolan höwesine kämilleşdirmek maksady bilen olara öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen aýakdaş gitmek ylmyň täze gazananlary barada ýaşlaryň arasyda wagyz-nesihat işlerini geçirmek Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň Ýaş alymlaryň geňeşiniň maksadydyr. Bu işleriň ählisi, Hormatly Arkadagymyzyň ýaş nesle berilýän ylmyň, bilimiň ýokary derejede bolmalydygynyň aýdyň subutnamasydyr.