Okuw tejribe merkezleri



Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň  Balkan welaýatyň  saglygy goraýyş edaralarynda şu okuw tejribe otaglary hereket edýär:

Balkan welaýat Köpugurly hassahanasy 
Balkanabat şäheriniň 189-njy ýaşaýyş jaý toplumynyň Hassahanalar şäherçesi 

Balkan welaýat Köpugurly hassahanasy welaýatyň iň uly we köpugurly ýatymlaýyň bejergi berýän edarasy bolup, mekdebiň ähli ugurlarda okaýan talyplar diňe tejribeliklerde dälde eýsem okuw döwründe hem hökmany  nobatçylyklaryny  amala aşyryarlar. Okuw otagy hassahanaň 3 gatynda ýerleşýär. Bu otagda talyplar we mugallymlara resminamalary alyp barmak  üçin okuw tagtasy, stollar, oturgyçlar niýetlenen, otag howasyny sazlamak üçin sowadyjy enjam bilen enjamlaşdyrylan. Otagda okuwda gerek bolýän ähli ugurlardan tablisalar, banerler we suratlar, talyplara öwrenmek üçin niýetlenen amaly endikleriň gurallary we fantomlary, derman serişdeleri, sargy we ýaralary tikmek üçin gerek bolan materiallar ýerleşdirilen.

1

“Ene Mähri” merkezi 
Balkanabat şäheriniň 215-nji jaýlar toplumy Uzboý köçesi 

“Ene Mähri” merkezi iň täze anyklaýyş enjamlary, gurallary bilen upjün edilen, enelere we çagalara döwrebap usullarda kömek bermeklige niýetlenen saglygy goraýyş merkezi. Okuw otagy hassahananyň 1-njy gatynda ýerleşýär. Otag amaly sapaklary özleşdirmek üçin  zerur bolan  maketler, jedweller, diwarlyklar, gurallar we abzallar bilen üpjün edilen. 

2


Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky saglygy goraýyş anyklaýyş merkezi 
Balkanabat şäheriniň 198-nji jaýlar toplumy Uzboý köçesi
  
Bu merkezi welaýatyň iň täze anyklaýyş we bejriş enjamlary bilen abzallaşdyrylan merkezi bolup, bu merkezde “Laboratoriýa anyklaýşy” hünäriniň talyplarynyň okamaklygy we tejribeligi geçmekligi üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Okuw otagy hassahanaň 2 gatynda ýerleşýär. Talyplar merkeziň barlaghanalarynda we beýleki bölümlerinde öz tejribelerini  ýokarlandyrýarlar.

3


Balkan welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi 
Balkanabat şäheriniň 189-ýaşaýyş jaý toplumynyň Hassahanalar şäherçesi 

Bu hassahana  eneleriň we çagalaryň saglygyny goramakda iň öňdebaryjy hassahana bolup, ähli etrap-şäherleriň hassahanalaryna bejeriş we usuly kömegini berýär. Okuw otagy hassahanaň 3-nji gatynda ýerleşýär. Bu otagda ähli şertler döredilen. Otag okuwda gerek bolýän maketler tablisalar, banerler we suratlar bilen ornaşdyrylan. Otagda talyplara öwrenmek üçin niýetlenen amaly endikleriň gurallary we abzallary,derman serişdeleri,sargy materiallary, çagalary gundamak üçin serişdeler,göwreli aýallaryň dogrumlaryny kabul etmeklik üçin gurallar we enjamlar ýerleşdirilen.

4

Balkan “Gaýragoýulmasyz tiz kömek” merkezi
Balkanabat şäheri 215-nji ýaşaýyş jaý toplumy 

Ylmyň iň öňdebaryjy usullary boýunça gurlan, häzirki zaman anyklaýyş we bejeriş enjamlary bilen üpjün edilen . Bu merkez ilata gaýragoýulmasyz kömegi bermek üçin niýetlenendir. Merkezde 1  okuw otagy ýerleşýär. Bu otagda talyplar we mugallymalar sapak geçmek,resminamalary doly we dogry ýöredilşini öwrenmeklik üçin, “Tiz kömek” awtoulagy arkaly mugallymlaryň we lukmanlaryň gözegçiliginde hassalara kömek bermekligi öwrenmek üçin ähli şertler döredilendir. Otagda talyplara öwrenmek üçin niýetlenen amaly endikleriň gurallary we abzallary,gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda ilkinji kömek üçin niýetlenen fantomlar, derman serişdeler  ýerleşdirilen.

Balkan welaýat Iç keseller hassahanasy
Balkanabat şäheriniň 145-nji ýaşaýyş jaý toplumy

Bu hassahana Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň golaýynda ýerleşýänligi üçin talyplaryň sapaklardan soň amaly endiklerini öwrenmek üçin, näsaglara dürli em etmek üçin amatly, mugallymlaryň goşmaça sapaklaryny okatmak, tomusky we Döwlet tejribeliginde beýleki hassahanalar bilen bir hatarda baza bolup gulluk edýär.

5

Balkanabat şäheriniň №1-nji saglyk öýi
Balkanabat şäheriniň 189-njy ýaşaýyş jaý toplumy Hassahana şäherçesi 

Balkanabat şäheriniň №1-nji saglyk öýi hem lukmançylyk mekdebiniň golaýynda ýerleşýändigi sebäpli talyplaryň saglyk öýleriň işini öwrenmeklikde amatly bolup durýar. Bu edarada talyplar elektron resminamalary ýöretmekligi öwrenmek üçin ähli şertler döredilen, saglyk öýüniň gaýragoýulmasyz kömek nokadynda 1 ýaşa ýetmedik sagdyn çagalara öýlerine baryp lukmanlaryň gözegçiliginde sanjymlary ýerine ýetirip ideg etmekligini  öwrenýärler.

6

“Mollagara” şypahanasy
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Mollagara şypahanasy

Balkanabat şäheriniň  golaýynda ýerleşýän bu şypahana talyplaryň “Fizioterapiýa, massaž we bejeriş bedenterbiýe”, ”Fitoterapýa”, “Akuşerçilik”, “Terapiýa”, “Pediatriýa” derslerinde duş gelýän käbir keselleri bejermekde Mollagara palçygynyň, duzly suwynyň  täsirini  öwretmeklige  ýardam berýar.

7

“Bejeriş  palçyklaryny  we  deňiz  duzuny  gaplaýan” kärhana.
Balkan welaýat Jebel şäherçesi  

Saglygy  goraýyş  ulgamynyň  ösüş  ugurlary  halky  ýokary  hilli  we  howpsyz  derman  serişdeleri  bilen   üpjün  etmek,  ýurdumyzda  önderilýän  dermanlaryň   sanyny  köpeltmek  maksady  bilen  kärine  ussat  başarjaň  hünärmenleri  taýýarlamakda, “Bejeriş  palçyklaryny  we  deňiz  duzuny  gaplaýan”  kärhana  Balkanabat    şäheriniň  golaýynda  ýerleşip  Farmasiýa  hünäriniň  talyplarynyň  amaly  sapagy  özleşdirmegi üçin  özüniň  häzirki zaman  ülňilerine  gabat  gelýän  enjamlary  bilen  baza  hökmünde  ýardam  berýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Balkan welaýat, Balkanabat şäheri, 147-nji çärýek, 3 jaýy.
Balkan velayat, Balkanabat city, 147 block, 3 building.
Балканский велаят, город Балканабат, 147 квартал, 3 дом.

Telefon belgiler:
(222) 6-45-34; 6-45-43