Biz barada
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebi 1954-nji ýylyň iýul aýynyň 10-na, hazirki Türkmenbaşy şäherinde açylýar we Krasnowodsk medisina uçilişesi diýip atlandyrylýar. Şu wagta çenli lukmançylyk mekdebiniň atlandyrylyşy:
- 1964-1971-nji ýyllarda Krasnowodsk respublikan medisina uçilişesi;
- 1971-1988-nji ýyllarda Krasnowodsk oblastynyň medisina uçilişesi;
- 1988-1992-nji ýyllarda Krasnowodsk merkezi baza medisina uçilişesi;
- 1992-2007-nji ýyllarda Balkan medisina uçilişesi;
- 2007-2010-njy ýyllarda Türkmenbaşy lukmançylyk orta okuw mekdebi;
- 2010-njy ýyldan Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebi.
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebi, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylyň 1-nji iýulyndaky №PB-4973 belgili buýrugy bilen Balkanabat şäheriniň 147-nji jaý toplumynyň 3-nji jaýyna göçürilip getirilýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň 2010-njy ýylyň 30-njy awgustyndaky №319 belgili buýrugy bilen bolsa, mekdebiň ady üýtgedilip, Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebi diýip atlandyryldy.