Milli Liderimiz: “Kitaphana-ýurdymyzyň medeni-bilim babatda ýeten derejesiniň, ilatyň paýhas ösüşiniň görkezijisi” diýip belleýär we halkymyzyň ähli döwürlerde kitaba aýratyň ähmiýet berip gelýändigini nygtaýar. Döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda belleýşi ýaly, ýurdumyzyň çäginde göçme kitaphanalar bilen bilelikde, Nusaýyň, Köneürgenjiň, Amulyň, Dehistanyň we Gadymy Merwiň iri kitaphanalary hem hereket edipdir. Altyn-kümüşden gymmatly saýylan kitaplar ýüklenen kerwenler arkaly täze ylymlar we onyň ýörelgeler dünýä ýaýradylypdyr.
Şeýle kitaplaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň meşgur, adybir “Döwlet guşy”, “Älem içre at gezer” edebi-realistik romanlaryny, köpjiltli “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik göwrümli işi we beýleki eserleri dünýäniň halklarynyň köpüsini diline terjime edildi, okyjylara millionlarça ýetirdi. Bu eserler milli bilim ojaklarynyň ählisinde düýpli öwrenilýär, ýaşlaryň bilim baýlyklaryny artdyrýär.
Döwrüň özgermegi we täze tehnologiýalaryň ösmegi bilen,kitap okamak işi döwrebap derejede kämilleşdi. Häzir kitaplar elektron görnüşde, göni aragatnaşyk tertibinde elýeterli boldy. Häzirki döwürde gerekli kitaphana internet üsti bilen girmek hem-de zerur neşiriň sanly görnüşini almak mümkinçiligi döredildi. Kitaphanalar kitaplaryň saklanýan ýeri we medeniýet ojagy bolmak bilen, häzirki zaman okyjylarynyň talaplaryna laýyk getirilýär. Munuň özi bilimi, aň-paýhasy ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebimizde bar bolan kitaphanalary döwrebaplaşdyrmak, onda okuw kitaplary, okuw gollanmalaryny we beýleki zerur bolan okuw usuly serişdelerini ornaşdyrylýar. Talyplaryň olardan ýerlikli peýdalanmaklary üçin, maglumatlary elektron ulgamlarda ýerleşdirmek, olary ulanmagy öwretmek, elektron kitaphana goruny yzygiderli baýlaşdyrmak, okuw dersleri, olar boýunça guralýan aýry-aýry okuw sapaklary üçin işlenilip taýýarlanylan döwrebap elektron okuw-usuly toplumlary ýerleşdirmek ýola goýlandyr.
Kitaphanada emele getirilen başlangyç elektron maglumat goruny üstüni täze maglumatlar bilen ýetirmek we olardan peýdalanmagyň ýollaryny öwretmek hem-de onuň netijeliligini öwrenmek işi yzygiderli dowam etdirilýär. Bar bolan okuw-usuly maglumatlardan başga-da, mekdebimiziň mugallymlary tarapyndan taýýarlanan okuw gollanmaladyr kitaplary sanly görnüşde elektron kitaphanada ýerleşdirilýär. Ýurdumyzyň lukmançylyk ugurly orta okuw mekdeplerini bilim portalyna birikdirmegiň usullary kämilleşdirilýär. Ol diňe kitaphana ulgamyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen çäklenmeýär, çüňki okuw maglumatlary we goşmaça öwrediji usullar üçin zerur bolan maglumatlar köp görnüşlidir.
Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň ähli orta hünär okuw mekdeplerinde hem bilim portallarynyň döredilmegi we kämilleşdirilmegi dowam etdirilýär. Mysal üçin, lukmançylyk ugurly orta okuw mekdebimizde kesellere garşy öňüni alyş arassaçylyk çäreleriniň, keselleri bejermegiň we beýleki öwrenilmäge degişli bolan okuw maglumatlarynyň beýanlary boýunça zerur bolan gorlary saklanylýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrinde bilim ulgamynda sanlylaşdyrmaga aýratyn ünsüň güýçlenýän häzirki döwründe ýurdumyzyň lukmançylyk ugurly orta okuw mekdeplerini bilim portalyna birikdirmegiň usullary geljekde hem kämilleşdirilmäge degişlidir.
Hormatly Prezidentimiz kitabyň ähmiýetine ünsi çekmek bilen: “Kitap döwürleriň, nesilleriň we medenýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy özünde jemleýän baýlykdyr. Ol ynsana hormat goýmagy öwredýän, Watana, halka bolan beýik buýsanjy terbiýeliýän çeşme, adamzadyň akyl-paýhasyny durlaýan gymmatlykdyr” diýip belleýär.
Ylymly-bilimli ýaş nesliň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyz jany sag, ili abat bolsun, il-halk bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!