Akyl terbiýesi – terbiýäniň gözbaşy

Mart  aýynyň  23–ne Balkan  lukmançylyk  orta  okuw  mekdebiniň kitaphanasynda,  talyp  ýaşlar  bilen  bilelikde  “ Akyl  terbiýesi – terbiýäniň  gözbaşy” atly wagyz –nesihat çäresi  geçirildi. Oňa  mekdebimiziň  II ýyl  talyplary  gatnaşdylar. 
Orta, başlangyç, ýörite orta hünär berilýän bilimiň durmuş  bilen arabaglanyşykly, güýçýeterli, yzygiderli maksada okgunly  bolmagy ýaş  nesliň alýan  nazary bilimlerini  aňynda berk  şöhlelendirip, ony gündelik durmuş  tejribesinde ulanyp  başarmagyna  ýardam edýär.
“Ýüz okasaň – ýat, müň  okasaň – binýat” diýip  ata-babalarymyz bilimiň yzygiderli we dowamly  bolmalydygyny  pent  edipdirler.
   Bagtyýarlyk  döwründe  ýaş  nesli  terbiýelemekde hormatly  Prezidentimiziň  türkmen  halkyna  peşgeş  beren  ajaýyp  kitaplary  nusgalyk  mekdep  bolup, ýaşlary  özbaşdak  durmuşa  taýýarlamagyň usulyýet  esasy  bolup  durýar.     

Paýlaş

Salgymyz:

Balkan welaýat, Balkanabat şäheri, 147-nji çärýek, 3 jaýy.
Balkan velayat, Balkanabat city, 147 block, 3 building.
Балканский велаят, город Балканабат, 147 квартал, 3 дом.

Telefon belgiler:
(222) 6-45-34; 6-45-43