“Sagdyn durmuş bagtyýarlygyň kepilidir"

Sagdyn ruhly sagdyn jemgyýeti kemala
getirmek üçin ýurt Baştutanymyz ähli şertleri döredýär. Bu ugurda mekdebimizde zyýanly
endiklere garşy göreşmek barada duşuşyklar we wagyz-nesihat çäreleri hem
yzygiderli her aýda geçirilýär. Geçirilen maslahatda hem bellenilişi ýaly, eziz
Diýarymyzda sagdyn ýaşaýşy üpjün etmek ugrunda yzygiderli alnyp barylýan işler
özüniň miwesini berýär. Bu gün Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň taýsyz
tagallalary bilen çilimkeşlik, neşekeşlik ýaly beýleki zyýanly endikleriň iň az
ýaýran döwletleriň hatarynda tanalýar.



Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda
temmäki ýaly ynsan saglygyna zyýanly täsir edýän närselere garşy barlyşyksyz
göreş alnyp barylýar. Ýurdumyzda şypahanalar, döwrebap enjamlar bilen
enjamlaşdyrylan köp sanly saglyk merkezleri, sport toplumlary gurlup, ulanmaga
berilýär. Häzirki wagtda türkmen jemgyýetinde ýaramaz endiklere garşy durmagyň
has oňaýly ýoly hökmünde sport, sagdyn durmuş ýörelgeleri saýlanyp alyndy.
Bedenterbiýä we sporta uly üns berilmegi ýaşlarymyza sportuň dürli görnüşleri
bilen meşgullanyp, öz başarnyklaryny artdyrmaga we zyýanly endiklerden daşda
durmaga mümkinçilik berýär. Mekdebimiziň talyplary sport bäsleşiklerinde
üstünlikli çykyş edip, köp sanly baýrakly orunlara  mynasyp bolýandyklary hem ýaş nesillere dogry
ýoly saýlap almakda uly görelde bolýar—diýip, belläp geçildi.



Maslahatyň dowamynda zyýanly endikleriň
ynsan saglygyna ýetirýän zyýanyny düşündirmekden başga-da, onuň maşgala
abadançylygyna hem ýaramaz täsir edýändigi hakynda aýdyldy. Mundan başga-da,
dogry iýmitlenmek barada hem gürrüň edilip, bu ugurda alnyp barylýan işler
dogrusynda pikir alşyldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Balkan welaýat, Balkanabat şäheri, 147-nji çärýek, 3 jaýy.
Balkan velayat, Balkanabat city, 147 block, 3 building.
Балканский велаят, город Балканабат, 147 квартал, 3 дом.

Telefon belgiler:
(222) 6-45-34; 6-45-43