Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenilýär
Balkanlukmançylyk orta okuw mekdebi Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik bilen
garşylady. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyzyň agzybirligini we
jebisligini, asyrlaryň dowamynda kemala gelen paýhasly, özboluşly
däp-dessurlara ygrarlylygy alamatlandyrýan dabaralar giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Nesilden-nesle geçip gelýän bu däpler häzirki wagtda täze mazmuna eýe bolýar we
biziň mekdebimizde hem giňden bellenýär