Täze okuw kitaby çapdan çykdy
Hormatly Prezidentimiziň ,,Türkmenistanda Bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we arhiw ulgamlaryny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň”- ,,Okuw kitaplarynyň mazmunyny döwrebap baýlaşdyrmak” wezipesinden ugur alyp, Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebimizde birnäçe dersler boýunça okuw kitaplary ýazylýar.
Taze okuw ýylynda mekdebimiziň mugallymy G.S.Mollaýewanyň lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň farmasiýa hünäriniň talyplary üçin taýýarlan “Farmakognoziýa” okuw kitaby çapdan çykdy. Bu kitap “Bilim” we “Saglyk” döwlet maksatnamalaryndan, orta hünär bilimi üçin Bilim standartyndan, galybersede dünýä tejribesinden we amaly zerurlykdan ugur alnyp düzülen täze okuw maksatnamasy esasynda lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň farmasiýa hünäriniň talyplaryna farmakognoziýa dersinden ýöriteleşdirilen bilim bermegiň häzirki zaman talaplary göz öňünde tutulyp taýýarlanyldy.