Garaşsyzlyk gutly bolsun!
Garaşsyzlyk! Bu mukaddes sözde kalbyňa ganat berýän güýç bar. Garaşsyz Türkmenistan! Ýüregiňi joşdurýan bu sözler eziz Watanymyzyň, bagtyýar halkymyzyň azatlygynyň, erkinliginiň, özygtyýarlylygynyň ykrarnamasy bolup 1991-nji ýylyň güýzünde taryhyň täze sahypasyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygy biziň bagtly durmuşymyzyň şamçyragy bolup, asmanyň nurly Güni deý türkmen ilini özüniň ýyly mährine çoýdy.
Bu ýagty jahanda her bir adamyň baş arzuwy il-ýurdunyň parahatlygy, öý-ojagynyň rahatlygy. Bu gün türkmen halky her bir ynsanyň bagtly bolmagy, gijeleriniň rahat, gündizleriniň parahat bolmagy üçin alada edilýän beýik zamanada eşretli durmuşda ýaşaýar hem-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýuny zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Garaşsyz Watanymyzyň ylymda-bilimde, medeniýetde, sungatda, saglygy goraýyşda, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda, içeri we daşary syýasatynda uly üstünlikler gazanmagy döwletimiziň gün-günden artýan halkara abraýyny has hem ýokary göterýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde ýaş nesillerimiziň hem egsilmez paýy bar.