Taryh gurnagy


Taryh gurnagynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň taryhy ders mugallymy Weliýew Ýegenmyrat Aşyrowiç 

Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we parasatly ýolbaşçylygy bilen türkmen halkynyň gahrymançylykly taryhy we baý medeni-ruhy, filosofiki garaýyş pikirleri we gymmatlyklaryny dikeltmek we dünýä ýaýmak ugrunda uly işleri durmuşa geçirýär. Talyplar Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň taryhyny öwrenmek meselesi möhüm ähmiýete eýedigini düşünýärler. Sebäbi Türkmenistanyň taryhy, türkmen halkynyň geçmişini öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak ruhy çeşmesidir. Taryh gurnagymyzda lukmançylyk mekdebiniň taryh ylmy bilen gyzyklanýan ýaş talyplar işjeň gatnaşýarlar. Talyplara türkmen halkynyň dünýä taryhyna, medeniýetine we ylmyna goşant goşantlary barada ençeme maglumatlar berilýär. Ata-babalarymyzyň gahrymançylykly taryhynyň, olaryň bitiren beýik işleriniň, şu günki Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mynasyp raýatlary edip terbiýelemekde gurnak öz işi bilen hyzmat edýär. Ýene bellemek bilen her bir ösüş ýoluna düşen halk öz geçen taryhy ýoluny we umumy adamzat ösüş ýoluny düýpli öwrenip, ösen halklaryň bu ugurda toplan tejribesini öz medeniýetini esasynda özleşdirip, öz geljegini kesgitlemelidigini talyplara gurnagyň kömegi bilen düşündirilýär we öwredilýär. 

Paýlaş

Salgymyz:

Balkan welaýat, Balkanabat şäheri, 147-nji çärýek, 3 jaýy.
Balkan velayat, Balkanabat city, 147 block, 3 building.
Балканский велаят, город Балканабат, 147 квартал, 3 дом.

Telefon belgiler:
(222) 6-45-34; 6-45-43