Näzik gyzlar gurnagy
Akuşerçilik we ginikologiýa ders mugallymlary Saryýewa Ogulgül Gurbangeldiýewna we Babaýewa Aknur Kürenowna
Talyplarda akuşerçilik we ginekologiýa dersine gyzyklanma döredip, nazarýetde alan bilimlerini, amaly sapaklarda özleşdirilen amaly endiklerini doly ele almaklaryny gazanmak maksady bilen Näzik gyzlar gurnagy mekdebimizde hereket edýär. Etikanyň we deontologiýanyň talaplaryny berk berjaý edip, ginekologiki keselli näsaglara we göwreli, dogurýan we doguran zenanlara mähirli garaýyş döretmek, gyzlaryň bedeninde bolup geçýän fiziologiki özgertmeleri, gyz edebiniň aýratynlygy, olaryň asylzadalygyny öwredilýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Howpsuz enelik” boýunça Milli maksatnamasyna laýyklykda maşgalany meýilleşdirmek, fertil ýaşdaky zenanlaryň saglygyny dikeltmek we sagdyn göwreliligi gazanmak bolup durýar. Göwreli zenanlary göwreliligiň irki möhletinde dispanser gözegçilige hasaba almak we antenatal gözegçiligi ýokarlandyrmaklygyny gazanmagyň maksady öwredilýär.